"Balşeker" konditer önümleri fabrigi tebigy süýjüleriň mekanydyr.

Biziň taryhymyz
2010 -njy ýyldan bäri

«Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylda esaslandyryldy. Hojalyk Jemgyýetimizde “Balşeker” haryt nyşan belgili iýmit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ilat köpçüligine ýetirilýär. “Tibet Türkmen” Hojalyk jemgyýeti ilatymyzy azyk bolçulygy bilen üpjün etmekde oz goşandyny goşýar. Kärhanamyzda öndürilýan süýji önümlerimize “Balşeker” markasyny berdik. Balşeker, “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen tebigy süýjülikleriň markasy. Balşekeriň üstünligi, hünärmenlerimiziň ylhamy, üýtgeşik şahsyýet we berk hil talaplarydyr.

Biziň maksadymyz

Biz Türkmenistanda konditer önümlerini öndüriji, “Balşeker” konditer önümlerini öz içine alýan ajaýyp önümleri öndürýäris. Önümlerimiziň çig mallary ýerli bazarlardan, şeýle hem Türkiýe we Russiýa Federasiýasyndan getirilýär. Şereketimiziň önümçilige başlanyna köp wagt geçmese-de, halk arasynda uly isleg bildirildi. Biziň kompaniýamyzda täze önüm öndürmegi we halka hödürlemegi maksat edinýär.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty

Biziň kärhanamyzyň aýlyk önümçilik kuwwaty 550 tonna we ýyllyk önümçilik kuwwaty 6600 tonna barabar bolup durýar. Häzirki döwürde kärhananyň önümleri ýurdymyzyň içerki bazarlarynda giňden ornaşdyrylan.

Kärhananyň eksport kuwwaty

Häzirki döwürde kärhananyň önümleri ýurdymyzyň içerki bazarlarynda giňden ornaşdyrylan. Indiki maksadymyz ýagny 2023-nji ýylda goňşy döwletlerimiz bolan Özbekistan, Gazakystan, Azerbeýjan, Gyrgyzystan, Owganystan, Russia respublikasy we beýleki birnäçe döwletleri eksport meýilleşdirilýär.

Biziň önümçüligimiz

Könelerimiz tagamy has-da süýji zada ” Bal ýaly süýji eken” ýa-da “Şekerdenem datly” diýip aýdypdyrlar. Şundan ugur alyp, öndürýän süýji önümlerimize “Balşeker” markasyny berdik. Çagalaryň söýgili erteki gahrymanlaryndan ugur alyp Kirpi ady bilen çagajyklarymyzyň iň köp isleg bildirýän önümlerini öndürýäris.
OUR BRANDS
Turkmen Tibet ES